Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasynda artist Eduard Montut bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi Maksat Çaryýew «Monde et Media TV» kompaniýasynyň prodýuseri, teatr we kino artisti Eduard Montut bilen duşuşdy.

 

Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, taraplar kino önümçiliginde we sungatda hyzmatdaşlyk etmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de degişli ugurlarda iki ýurduň özara gatnaşyklaryna täze itergi berjek taslamalary durmuşa geçirmek mümkinçiliklerine garadylar.

 

Bu duşuşyk geçen ýylyň 14-15-nji oktýabrynda Arkadag şäherinde geçirilen "Arkadagyň säheri" atly birinji Halkara kinofestiwala fransuz sungat ussatlary Laronzeniň we Montutyň gatnaşmagynyň özboluşly dowamy hökmünde geçirildi.

 

Şunuň bilen baglylykda, myhmanlar degişli çäräniň guramaçylygyna ýokary baha berdiler. Žan-Mari Laronze Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda medeni hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Aziýanyň we Ýewropanyň kino ussatlarynyň arasynda duşuşyklary we özara gatnaşyklary ýola goýmak üçin amatly ýer bolup hyzmat edip biler.