“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri İspaniýa Patyşalygynyñ Walensiýa portunda saparda

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) “Hazar deňziniň sebitinde “ýaşyl” portlaryň we durnuklylyk ýörelgelerini ulanmak” taslamasynyň çäklerinde 2024-nji yylyñ 14-15-nji ýanwary aralygynda "Türkmendeñizderýaýollary" agentliginiň hünärmenleri İspaniýa Patyşalygynyñ Walensiýa portunda saparda boldular.

 

Saparyñ dowamynda esasan, Walensiýa portunyň häzirkizaman dünýä standartlaryna laýyklykda CO2 zyñyndylaryny azaltmak we bioenergiya (ýaşyl energiýa) üpjünçiligine geçmek babatda alyp barýan işleri bilen tanyş bolundy. Hem-de bu ugurda ýurduñ deñiz portlarynda alynyp barylyan seljermeler we häzirki wagtda durmuşa geçirilýän synag taslamalar bilen tanyşyldy.

 

Bu synag taslamalarynyñ biri hem wodorod energiýasynda işleyan tirkeg çekiji we “reach staker” görnüşli tehnikalary barada maglumatlar alyndy. Bu tehnikalar dykyzlandyrylan wodorod ýangyjynda işlemek bilen, howa gurşawyna hiç hili zyñyndylar goýberilmeýär.

 

Mundan başga-da, Walensiýa portunyň dolandyrylyşy bilen bagly meselelerde özara tejribeler alyşyldy.

 

Mälim bolşy ýaly, ÝHHG guramasy bilen Türkmenistanyň arasynda ýola goýlan taslamanyň çäklerinde Hazar deňiz we Gara deňiz sebitinde port amallaryny sanlylaşdyrmak we durnuklylyk ýörelgelerini ulanmak babatda Agentligiň hünärmenlerine Ýewropa ýurtlarynyň deňiz portlarynyň öňdebaryjy tejribelerini tanyşdyrmak işleri alnyp barylýar. Taslamanyň esasy maksatlarynyň biri – Hazar deňzinde söwdany we ýük daşamagy ýeňilleşdirmek arkaly, ony logistika merkezine öwürmeklige ýardam bermek boýunça tagallalary birleşdirmekden ybarat bolup durýar.