TDHÇB-de söwdalar: daşarky bazarda nebithimiýa we ýeňil senagat önümlerine uly isleg bildirilýär
Penşenbe güni, 15-nji fewralda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda daşarky bazarda ýurdumyzda öndürilýän nebithimiýa we ýeňil senagat önümleri ýerlenildi.
Özbegistandan, Owganystandan we Birleşen Arap Emirliklerinden telekeçiler «TPP D 382 BF» kysymly polipropileni, «TS-1» kysymly awiakerosini, «SN-180» kysymly başlangyç ýagy we suwuklandyrylan gazy satyn almak boýunça «Türkmennebit» döwlet konserni bilen geleşik baglaşdylar.
Türkiýeden işewürler arassalanan nah galyndylaryny satyn almak boýunça türkmen kompaniýasy bilen geleşik baglaşdylar.
Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy ABŞ-nyň 16 920 470 dollaryna deň bolan 7 geleşik baglaşyldy.