Kiýew şäherindäki Magtymgulynyň adyny göterýän kitaphana kitaplar we muzeý gymmatlyklary gowşuryldy
Türkmenistanyň ilçisi Taýly Ataýew Kiýew şäherinde ýerleşýän Magtymguly adyndaky kitaphana türkmen halkynyň amaly-haşam sungatyna degişli gymmatlyklary, beýik şahyryň dürli dillerdäki kitaplaryny gowşurmak dabarasyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy habar berýär.
Kabul ediji tarap – Kiýew şäheriniň Swýatoşinskiý etrap administrasiýasynyň medeni bölüminiň başlygy Ýe.Starodubowanyň ýolbaşçylygynda “Swiçado” merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň direktory Swetlana Gonda we Magtymguly adyndaky kitaphananyň direktory Ýelena Zubar ýubileý ýylynda aýratyn ähmiýete eýe bolan we türkmen nusgawy şahyrynyň mirasyny has giňişleýin öwrenmäge we ýaýratmaga niýetlenen muzeý üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklar üçin minnetdarlyk bildirdiler.
Bu ýerde halk senetçiliginiň önümlerini, nepis dokalan haly önümlerini, zenanlaryň milli şaý-seplerini, türkmen milli egin-eşiklerini we baş gaplaryny, dutar, gyjak, gopuz we gargy tüýdük ýaly milli saz gurallaryny, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň heýkelini, kanwada dokalan we zehinli türkmen suratkeşleriniň suratlaryny görüp bolar.
Kitaphananyň kitap gaznasy we muzeý türkmen edebiýatynyň görnükli nusgalary, hususan-da Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň taryh, medeniýet, binagärlik we türkmen halkynyň görnükli şahyry Magtymguly we onuň bahasyna ýetip bolmajak şahyrana mirasy baradaky kitaplar bilen-de dolduryldy.