Türkmen ilçisi arap metbugatynyň wekili bilen habarlar ulgamynda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy

 

Türkmenistanyň Saud Arabystanyndaky ilçisi Orazmuhammet Çaryýew “Arab News” gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary Nur Nugali bilen habarlar ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Saud Arabystanyndaky diplomatik wekilhanasy habar berýär.

 

Duşuşygyň çäklerinde diplomat Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabyny tanyşdyrdy. Şeýle hem taraplar türkmen-saud hyzmatdaşlygyny köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan etmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar.

 

Şu ýylyň baş şygarynyň Türkmenistanda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip yglan edilendigini, beýik türkmen şahyrynyň 300 ýyllygyny halkara derejede belläp geçmegiň çäklerinde birnäçe medeni we ylmy çäreleriň geçirilmeginiň göz öňünde tutulandygyny aýdyldy.

 

Türkmenisanyň Saud Arabystanyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy “Arab News” gazetiniň wekillerini Magtymguly Pyragynyň ýubileý ýylyna bagyşlanyp geçiriljek çärelere gatnaşmaga çagyrdy.