Türkmentel-2022 sergisinde “Sanly çözgüt” tehniki-startaplara degişli bäsleşigiň netijeleri jemlener

Aşgabatda 10-11-nji noýabrda Söwda-senagat edarasynyň binasynda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel — 2022” atly XV halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirilip, ol tehnologik kompaniýalar bilen birlikde, akademiki toparlaryň wekillerini, bazaryň bilermenlerini hem-de işewür jemgyýetçiliginiň wekillerini bir ýere jemlär.

Maslahatyň çäklerinde “Sanly çözgüt” atly bäsleşigiň täze tapgyrynyň netijeleri jemleniler, şu ýyl bu bäsleşige 240-dan gowrak taslamalar gatnaşdyryldy. Şol taslamalary düzenleriň arasynda belli bir tejribesi bolan ýaş hünärmenler-de, bu ugra baş goşýan täze ýaşlar-da – dürli ýokary okuw mekdepleriň talyplary hem bar. Çünki bäsleşik bu ulgamda zehinleri ýüze çykarmaga ylmy-tehniki döredijilik babatda batyrgaý, döwrebap garaýşy bolan maksady özünde jemleýän pikrileri öňe ilerletmäge gönükdirilendir.