«Türkmenawtoulaglary» agentligi ýük awtoulaglary üçin awtotekerleri satyn almak maksady bilen bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänlere teklip edilýär:

• gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk statusyny, hasaba alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen ýazmaça talapnama bermeli;

• 700 (ýedi ýüz) manat (taraplaryň ylalaşygy boýunça dahylsyzlar 200 (iki ýüz) amerikan dollary) möçberinde bäsleşik ýygymyny tölemeli;

• tehniki tabşyrygy almaly.

 

Bäsleşik ýygymyny tölemek üçin hasaplaşyk hasaby ýazmaça talapnamanyň hödürlenen güni beriljekdir.

 

Bäsleşik teklipleri ýapyk we möhür bilen tassyklanan bukjalarda kabul edilýär we olara bäsleşige gatnaşmak üçin ýygymyň tölenendigi barada kepilnamanyň görkezilen ýagdaýynda seredilýär.

 

Bäsleşik teklipleri şu bildirişiň çap edileninden soň 30-njy iş gününiň dowamynda sagat 12.00-a çenli şu görkezilen salgy boýunça kabul edilýär:

 

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 126. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligi.

 

Sowallar boýunça telefon belgileri: 39-03-55, 39-03-40 we 39-03-41.