«Tesla» elektrik ulaglara niýetlenen «Supercharger» stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär
«Tesla» bir wagtyň özünde 160-dan gowrak elektrik ulagyna zarýad bermek üçin ýeterlik giňişlige we güýje eýe boljak ullakan täze «Supercharger» stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär.
Gurluşyk rugsatnamasyna görä, Kaliforniýanyň Kern etrabynda ullakan elektrik transport ulaglaryny zarýada goýmak üçin niýetlenen stansiýa gurlar. Häzirki wagtda dünýädäki iň uly stansiýa, Kaliforniýanyň Koalinga şäherindäki «Harris Ranch» toplumy bolup, ol ýerde 98 zarýad nokady bar. Ýöne 164 orunlyk täze desga öňkiden iki esse uly bolup, «Tesla» we beýleki transport ulaglaryna hyzmat eder.
«Tesla» tirkeg çekýän ulaglara zarýad bermegi aňsatlaşdyrar ýaly 16 sany ýer gurar. Mundan başga-da, her bir duralgada gün şöhleleri oturdylar, bu birnäçe batareýalary elektrik bilen üpjün eder we elektrik ulagyna ýangyç guýmak prosesini mümkin boldugyça ekologiýa taýdan arassa eder. Şeýle hem tordan alnan energiýany sarp etmegi azaltmak arkaly zarýad çykdajylaryny azaltmaga kömek eder.
Täze stansiýany indiki ýyl işe girizmek meýilleşdirilýär.
Maglumat hökmünde 637 ýeri bolan dünýäniň iň uly elektrik ulagy zarýad bekediniň Hytaýyň Şenjen şäherinde ýerleşýändigini bellemelidiris.