BAE dünýäniň emeli intellekt synaglarynyň geçirilýän merkezi bolmaga taýýar
Birleşen Arap Emirlikleri emeli intellekt pudagynda täze ösüşleri netijeli ulanmagyň düzgünlerini döretmek üçin ählumumy synag meýdançasyna öwrülmäge taýýardyr.
Bu barada BAE-niň emeli intellekt, sanly ykdysadyýet we uzak aralykdan işlemek üçin programmalar ministri Omar Al Olama “Bloomberg” habarlar agentligi bilen geçiren söhbetdeşliginde mälim etdi.
“Bu durmuşa geçirilmegine meniň hut özümiň gyzyklanma bildirýän mümkinçiligimdir we biz olary gazanmak ugrunda çalşarys” diýip, ol aýtdy.
Onuň sözlerine görä, BAE 2021-nji ýyldan bäri emeli intellekt boýunça hünärmenleri özüne çekip gelýär. Şeýlelikde, geçen ýylyň sentýabr aýyna çenli ýagdaýlara görä, degişli ugurlarda Emirliklerde 120 müňe golaý hünärmen işleýärdi. Ozal bu görkeziji 30 müň adamdan geçmeýärdi.
Birleşen Arap Emirliklerinde diňleýjiler bilen sanly ulgam arkaly çykyş eden “OpenAI” atly amerikan ylmy-barlag guramasynyň esaslandyryjysy Sem Altman BAE-de özboluşly merkezi döretmegiň zerurdygyny belledi. Onuň pikiriçe, BAE-de täze emeli intellekt tehnologiýalaryny ulanmak tejribesi beýleki ýurtlarda ýaýradylanda düzgünleri emele getirmek üçin ulanylyp bilner.