Türkiýäniň «Arkas Line» kompaniýasy konteýner daşamak boýunça geografiýasyny giňeldýär

Türkiýäniň konteýner daşamak bilen meşgullanýan «Arkas Line» kompaniýasy öz hyzmatlarynyň geografiýasyny giňeldýär we ABŞ-nyň bazaryna çykýar. Bu barada «Splash» habar berýär.

 

Hususan-da, «Arkas Line» ýük daşamak bilen meşgullanýan beýleki bir türk gatnawy bolan «Turkon» bilen Germaniýanyň «HapagLloyd - United States Express» (USX) kompaniýasynyň bilelikdäki hyzmatyna goşulýar. «Arkas» bu hyzmaty gatnawyny her hepde amala aşyrjak 2,8 müň TEU kuwwatlylygy bolan «Sine A» konteýner gämisi bilen üpjün eder. Mundan başga-da, «USX-de» konteýner daşaýjylaryň bary-ýogy ýedisiniň hyzmat etjekdigi bellenilýär.

 

«Alphaliner» tarapyndan berlen maglumatda «Arkas Line» kompaniýasynyň häzirki wagtda 35 konteýner gämisini dolandyrýandygy we iň uly konteýner daşaýjylaryň sanawynda 30-njy orunda durýandygy beýan edilýär.