Türkmenbaşy we Amirabad portlarynyň dost-doganlyk gatnaşyklary berkeýär
«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekilleri “Eýran deňiz ykdysadyýeti” atly forumynyň çäklerinde, 2024-nji ýylyň 14-nji fewralynda Eýran Yslam Respublikasynyň Hazar deňzine çykalgasy bolan Amirabad Porty Ýörite Ykdysady zolagyna iş saparyny amala aşyrdylar.
Türkmen wekillerini Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Mazendarandaky wekiliýetiniň Başlygy Jenap Nouruzin, Portlar we deňiz guramasynyň Baş direktory Jenap Mousapur, Mazendaran Erkin Zolagynyň dolandyryjysy jenap Fuladin, Portlar we deňiz guramasynyň Baş direktorynyň port işleri boýunça orunbasary jenap Ali Akbar Saýýad hem-de Mazendaranyň Söwda palatasynyň wekili jenap Huseýnin garşy aldylar. Soňra portuň edara binasyndaky maslahatlar zalynda türkmen-eýran taraplarynyň arasynda gepleşikler geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň we "Deňiz söwda floty" PJ-niň hyzmatlary, mümkinçilikleri we port bilen baglanyşykly amal işleri bilen prezentasiýa arkaly tanyşdyryldy.
Soňra Amirabad portuna gämi gatnawlaryny täzeden dikeltmek, Türkmenbaşy-Amirabad-Türkmenbaşy ugry boýunça gämi gatnawlaryň ýygylygyny üpjün etmek, bu ugurda fider gatnawyny ýola goýmak mümkinçilikleri we beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň dowamynda taraplar halkara söwda dolanşygyny ösdürmek, ikitaraplaýyn bähbitliligi ýokarlandyrmak we iki ýurduň ulag geçelgelerindäki ornuny pugtalandyrmak boýunça anyk teklipler hödürlendi.
Eýran tarapy «Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen “Amirabad Porty Ýörite Ykdysady Zolagynyň” arasynda doganlyk deňiz portlary hakynda Ylalaşyga» ýakyn wagtda gol çekmegi meýilleşdirýändigini habar berdi.
Häzirki wagtda Amirabad porty Eýranyň demirgazygynda ýerleşýän ägirt uly portlaryň biri bolup durýar. Port 1996-njy ýylda gurluşyga başlap, 1997-nji ýylda ýörite ykdysady zolagyna eýe bolýar we 2001-nji ýylda öz işine başlaýar. Portuň kuwwatlylygy 7,5 million tonna barabar. Amirbad porty 15 sany gämi duralgasyna eýe bolup, bu ýerde köp sanly siloslar, agaçdan (MDF) önümçilik işleri, armatur öndürme iş amallary we beýlekiler müşderileriň ünsini çekýär.