"Türkmenhowaýollary" agentligi okgunly ösüş görkezijileri gazanýar
"Türkmenhowaýollary" agentligi ozalky aýlarda bolşy, howa gatnawlary boýunça hyzmatlarda ýokary ösüş depginleri gazanmak bilen ulag-kommunikasiýa toplumynyň pudaklarynyň arasynda tapawutlanýar. Raýat awiasiýasy pandemiýa döwründe çäklendirilen howa gatnawlaryny gaýtadan dikeldip, howa gatnawlarynyň gerimini giňeldýär. Ýakynda bolsa, "Türkmenistan" awiakompaniýasy Aşgabat - Kuala-Lumpur - Aşgabat ugry boýunça yzygiderli uçar gatnawlaryny gaýtadan dikeltdi.
Şu ýylyň ýanwar aýynda «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça ösüş depgini 162,8 göterime barabar boldy. Ulag toplumynyň beýleki pudaklarynda deňeçer görkezijiler gazanyldy. Has takygy, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça 106,8 göterim, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça 106,2 göterim, «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça 103,8 göterim ösüş depgini gazanyldy. Ilata hyzmatlary hödürlemekde "Türkmenaragatnaşyk" agentliginde hem 110,5 göterim ösüş bilen oňyn görkeziji gazanyldy.
Şu ýylyň ilkinji aýynda ulag-kommunikasiýa toplumynyň pudaklarynda gazanylan görkezijiler barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde hasabat berdi.
Wise-premýer hasabat döwründe toplum tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgininiň 116,1 göterime deň bolandygyny aýtdy.
Ulaglaryň ähli görnüşi boýunça ýükleri daşamagyň ösüş depgini 102,5 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 103,7 göterime barabar boldy.