Ilçi: Russiýa we Türkmenistan daşary ykdysady aragatnaşykda oňyn görkezijilere garaşýar
Häzirki wagtda Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaş ýurtlarynyň öňdebaryjy bäşligine girýär. 2022-nji ýylda iki ýurduň özara söwda dolanyşygynyň möçberi 1,6 milliard amerikan dollaryna barabar boldy. "Türkmen tebigy gazyny Russiýa ibermek boýunça baglaşylan şertnamada göz öňünde tutulan borçnamalary doly ýerine ýetirmek bilen, daşary ykdysady aragatnaşykda geçen ýylda oňyn görkezijileriň gazanylandygyna garaşýarys" diýip, Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin Russiýanyň Türkmenistanda hasaba alnan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine beren metbugat beýanatynda aýtdy.
Ilçi geçen ýylyň ýanwar aýynda geçirilen 1-nji rus-türkmen işewürlik maslahatynyň jemleri boýunça işewürlik gatnaşyklarynda oňyn işjeňligiň gazanylandygyna ünsi çekdi. Şeýle-de energetika topluma degişli bolmadyk önümleriň daşary söwdasynda oňat görkezijiler gazanyldy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň web-saýtynda habar berilýär.
Russiýanyň we Türkmenistanyň özara gatnaşyklarynyň häzirki derejesine baha bermek bilen, ilçi rus-türkmen dialogynyň ýokary derejede pugtalandyrylýandygyny belledi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow geçen ýylyň 9-njy maýynda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen baýramçylyk dabaralaryna hormatly myhman hökmünde, şeýle hem geçen ýylyň 26-njy dekabrynda Sankt-Peterburgda geçirilen GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygya gatnaşdy. Geçen ýylyň ýanwar aýynda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň Türkmenistana sapary guraldy.
"Gepleşikleriň gün tertibiniň baý many-mazmuna eýe bolmagy biziň döwletlerimiziň ýolbaşçylarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny maslahatlaşmak üçin ähli mümkinçilikleri we köptaraplaýyn görnüşdäki meýdançalary ýerlikli ulanýandyklaryny görkezýär" diýip, ilçi aýtdy.
Metbugat brifingiň dowamynda ilçi iki ýurduň hökümetara komitetleriniň nobatdaky mejlisini, şeýle hem Ikinji rus-türkmen işewürlik forumyny şu ýylyň birinji ýarymynda geçirmegiň meýilleşdirilýändigini mälim etdi.
Ilçi ulag toplumy boýunça ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeňleşýändigini aýtdy. Bu ýerde gürrüň ilkinji nobatda Demirgazyk - Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasyny ösdürmek barada barýar.
"Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde, 2023-nji ýylda eksportyň, importyň we üstaşyr ýük daşamagyň möçberlerini artdyrmak başartdy. Bu işde demir ýol gatnawlaryna aýratyn orun degişlidir. Ýük akymlarynyň dolanyşygyndaky tehnologiýalayr kämilleşdirmek, ulag ugurlarynda maglumatlary elektron alyşmak, bäsdeşlige ukyply tarif ugamyny emele getirmek, halkara logistika kompaniýalaryň üsti bilen goşmaça ýük daşalyşyny artdyrmak boýunça işler alnyp barylýar" diýip, ilçi Iwan Wolynkin aýtdy. Ol Rusisýanyň "RŽD" holding kompaniýasynyň ulag ugurlarynyň ýokary netijeliligini gazanmak maksady bilen türkmen we gazak hyzmatdaşlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürýändigini belledi. Demirgazyk - Günorta halkara ulag geçelgesi üçin niýetlenen ulag-logistika merkezleriň sanly maglumat ulgamyna Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri baradaky maglumatlaryň girizilmegi multimodal ýük daşamalaryny ösdürmekde ähmiýete eýe bolar.
Iki ýurduň arasynda däp bolan ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejä eýedigini bellemek bilen, ilçi Rusisýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmenistanly ýaşlaryň sanyny artadygyny belledi. Bellenişi ýaly, geçen ýyl türkmenistanly ýaşlaryň Russiýada tölegsiz esasda bilim almagy üçin bölünip berlen ýerleriniň sany iki esse, ýagny 250-den 500-e çenli artdyryldy.
Ilçiniň sözlerine görä, Aşgabatda Rus-Türkmen uniwersitetini döretmek we A.S.Puşkin adyndaky Bilelikdäki türkmen-rus umumybilim berýän mekdebiniň täze binasyny gurmak maksady bilen geçen ýylda pudagara hyzmatdaşlygyň çäklerinde işler ilerledildi.
"Bu ýerde rus diliniň ýaýrawlydygyna we zerurlyk hökmünde garalýandygyny duýmak biziň üçin ýakymly. Bu dil GDA giňişliginde, sebit we halkara meýdançalarynda hyzmatdaşlygyň aýrylmaz guraly we miletara aragatnaşygyň serişdesi hökmünde ähmiýetini saklaýar. Türkmenistanyň ýolbaşçylary hem ýurtda rus diline we medeniýetine hem üns berýärler" diýip, ilçi Iwan Wolynkin aýtdy.