TDHÇB-de söwdalar: nebithimiýa önümleri we türkmen halylary uly islegden peýdalanýar
Anna güni, 16-njy fewralda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda nebithimiýa önümleri we türkmen halylary uly islegden peýdalandy.
Birleşen Arap Emirliklerinden we Gazagystandan telekeçiler «TPP D 382 BF» kysymly polipropileni satyn almak boýunça «Türkmennebit» döwlet konserni bilen geleşik baglaşdylar.
Içerki bazarda Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «BND 60/90» kysymly nebit bitumyny satyn almak boýunça «Türkmennebit» döwlet konserni bilen geleşik baglaşdylar.
Şeýle hem olar elde dokalan türkmen halylaryny satyn aldylar.
Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy 2 517 996,83 manada we 9 620 000 dollara deň bolan 4 geleşik baglaşyldy.