Ýanwar aýynda özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 24,6 göterim ýokarlandy

Şu ýylyň ýanwar aýynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 2,545 milliarda barabar boldy. Bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 24,6 göterim ýokarydyr.

 

Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň ministrleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň şu ýylyň ilkinji aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

 

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda 2024-nji ýyl üçin bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin degişli işleri alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak, pudaklary sazlaşykly ösdürmek boýunça zerur çäreleri görmek tabşyryldy.