Tretýakowsk galareýasynda türkmen suratkeşleriniň sergisini guramak meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Esen Aýdogdyýew Tretýakowsk galareýasynyň direktory Ýelena Proniçýewa bilen duşuşdy. Duşuşykda türkmen-rus medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň geljegi, şeýle hem 2026-njy ýylda Tretýakowsk galareýasynyň sergi merkezinde türkmen suratkeşleriniň we heýkeltaraşlarynyň sergisini guramak mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.

 

Söhbetdeşler özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanmalaryny tassyklap, medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlygyň giňeltmegiň möhümdigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Tretýakowsk galareýasynyň we Türkmenistanyň degişli edaralarynyň arasynda geňeşmeleri guramak teklibi beýan edildi.

 

Türkmen diplomaty şeýle hem "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" şygary astynda geçýän şu ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden bellemek bilen bagly geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler barada gürrüň berdi.