Türkmenistanyň Ýaşlar guramasy ÝUNESKO bilen Hereketleriň meýilnamasyny maslahatlaşýar

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleri we Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Maksat Çaryýew ÝUNESKO-nyň jemgyýetçilik we ynsanperwer ylymlary departamentiniň başlygy Suriýa Saad-Zoi we guramanyň ýaşlar bölüminiň hünärmenleri bilen sanly ulgam arkaly gepleşikleri geçirdiler.

 

Gepleşiklerde 2024-2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça hereketleriň meýilnamasy, şeýle hem Türkmenistanyň Ýaşlar guramasy bilen ÝUNESKO-nyň Ählumumy ýaşlar jemgyýetiniň arsynda özara gatnaşyklary ösdürmek meseleleri maslahatlaşyldy.

 

Türkmen diplomaty Türmenistanda ýaş nesilleriň döwlet durmuşynyň dürli ugurlarynda gazanýan üstünliklerine aýratyn ähmiýet berilýändigini aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy habar berýär.

 

Duşuşygyň çäklerinde türkmen ilçisi şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň "Ýaşlar - Watanyň daýanjy" atly kitaby bilen tanyşdyrdy. Bu kitapda ýaşlaryň dürli ugurlarda gazanan üstünlikleriniň giňişleýin beýan edilýändigi aýratyn bellendi.