Maldiwleriň awiakompaniýasy ýolagçylara VR güýmenjesini hödürlär
Täze açylan premium derejeli «BeOnd» awiakompaniýasy uçuş wagtynda ýolagçylara «Apple Vision Pro» enjamyny hödürlär. Bu barada awiakompaniýanyň saýtynda habar berilýär.
Bu hyzmat Maldiwlere uçuşlarda elýeterli bolar – şol ýerde awiakompaniýanyň merkezi edarasy ýerleşýär.
«Apple Vision Pro» uçuşda güýmenje mümkinçiliklerini üýtgeder we biz saýlama ýolagçylara bu hyzmaty ilkinji bolup teklip ederis. «Apple Vision Pro» enjamyny hödürlemek müşderilerimiziň syýahatynyň başyndan ahyryna çenli hyzmatyň iň ýokary derejesini duýmaklaryny gazanmak boýunça maksatlarymyzy durmuşa geçirmekde ýene bir ädimimizdir. Bu tehnologiýany ornaşdyran ilkinji awiakompaniýadygymyza buýsanýarys» diýip, «BeOnd» awiakompaniýasynyň baş direktory Tero Taskila belledi.
Uçardaky barha ösýän mazmunly hyzmatlardan başga-da, kompaniýa Maldiwlerdäki dynç alyş merkezleri we çäreler bilen tanyşdyrar. Şonuň üçin uçuş tejribesi ada gelmezinden ozal hem ýolagçylarda ýakymly täsir galdyrar.
BeOnd» awiakompaniýasynyň täze hyzmaty 2024-nji ýylyň iýul aýynda uçuşlarda ýola goýlar.
«Apple Vision Pro» enjamy tomusda «Apple» kompaniýasy tarapyndan Işläp düzüjileriň bütindünýä maslahatynyň (WWDC 2023) çäklerinde tanyşdyryldy.