Moskwada geçirilýän «Altyn gulak» bäsleşigine türkmen arhitektorlary we dizaýnerleri gatnaşýar

Moskwadaky «WDNH»  sebitiniň ösüşine bagyşlanan «Altyn gulak» bäsleşigine tabşyrylan 500 arzanyň arasynda türkmen arhitektorlarynyň we dizaýnerleriniň taslamalary bar diýip, «TASS» habar berýär.

Moskwadaky «WDNH» sebitiniň ösüş taslamalary boýunça geçirilýän «Altyn gulak» bäsleşigi geçen ýylyň dekabrynda başlandy. Oňa Russiýa Federasiýasynyň we GDA ýurtlarynyň arhitektura, landşaft dizaýny we gurluşyk ugurlarynda işleýän döredijilik toparlary we hünärmenleri jemlenildi.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ugradylan arzalar Russiýanyň 52 welaýatyndan we GDA ýurtlaryndan, şol sanda Türkmenistandan kabul edildi.

2024-nji ýyldaky bäsleşigiň temasy «WDNH baglarynyň we jemgyýetçilik baglarynyň landşaft binagärlik gurluşygy üçin iň oňat taslama» diýen ada eýedir. Bäsdeşler bu ýerde 1-nji «Lihoborskiý Proezd»,  «Balykçy obasy» we Oba hojalygy köçesi bilen çäkleşýän ýerleri gowulandyrmak üçin lanşaft we arhetiktura meýilnamalarynyň üstünde iş alyp barýarlar.

Gatnaşýanlar baglaryň, meýdançalaryň, pyýada ýollarynyň ýatdan çykmajak binagärlik we çeper şekilleri, şeýle hem emeli yşyklandyryş, abadanlaşdyryş, sungat desgalary bilen baglanşykly taslamalary teklip edýärler.

Netijeleriň we baýraklaryň dabaraly ýagdaýda yglan edilmegi tomusda VDNKh-iň çäginde bolar. Ýeňiji 300 müň rubl, ikinji ýeri 200 müň rubl, üçünji ýeri 100 müň rubl bilen sylaglanar.

Moskwa «WDNH» – Milli ykdysadyýetiň gazananlarynyň sergisi, dünýädäki iň uly sergi, muzeý we dynç alyş toplumydyr.