Iýun we oktýabr aýlarynda Türkmenistanyň we Gazagystanyň Medeniýet günleri geçiriler

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçisi Batyr Rejepow anna güni ýurduň medeniýet we maglumat wise-ministri Ýerbol Alikulow bilen duşuşdy.

Taraplar iýun aýynda Türkmenistanyň Gazagystandaky, oktýabr aýynda bolsa Gazagystanyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerini geçirmek bilen bagly taýýarlyk işlerini maslahatlaşdylar.

Gazagystanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäklerinde Aşgabatda şekillendiriş sungatynyň sergisini, Gazak fimleriniň gününi, şeýle hem artistleriň we döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda konsert guramak meýilleşdirilýär. Bu barada Gazagysytan Respublikasynyň Medeniýet we maglumat ministrligi habar berýär.