Türkmenistanyň daşary işler ministri we BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili hyzmatdaşlyk ugurlaryny maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze şu ýylda bilelikde geçiriljek çäreleri maslahatlaşdylar.
15-nji fewralda geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ygtyýarlygyndaky ugurlary - terrorçylyga we ekstremizme garşy göreşmek, serhetüsti suw çemelerini dolandyrmak, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, şeýle hem Owganystandaky ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşdylar.
Raşid Meredow sebit parahatçylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmekde ýakyndan goldaw berýändigi üçin BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysyna hoşallyk bildirdi. Öz gezeginde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy sebit merkeziniň işine goldaw berýändigi üçin türkmen tarapyna hoşallyk sözlerini aýtdy. Bu barada guramanyň web-saýtynda habar berilýär.