«Lebapawtoulag» ýanwarda 226 müň tonna ýük daşady

«Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň sürüjileri ýylyň ilkinji aýynyň meýilnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler.

Ýanwar aýynda kärhananyň sürüjileri ýükleriň 226 müň tonnadan gowragyny daşap, meýilnamany üstünlikli berjaý etdiler. Ýolagçylara hyzmat etmegiň meýilnamasy hem ýerine ýetirildi. Şonda ýolagçylaryň 1 million 822 müňsüne hyzmat edildi. Halk hojalyk ýüklerini daşamakda, ýolagçylara hyzmat etmekde we gaýry hyzmatlary amala aşyrmakda kärhanada işler nusga alarlyk derejede guralýar.