BMG: Türkmenistanyň Bitaraplygy ählumumy köptaraply gurşawy döretmekde ýol görkezijidir

Açyk dialogy we özara baglanyşmagyň nokadyny tapmak arkaly türkmen diplomatlary hemmeler üçin parahatçylygyň we köptaraplylyk gülläp ösýän ählumumy gurşawy döretmegiň ägirt uly gymmatyna oňat düşünýärler. Bu barada BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko «Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy» atly halkara maslahatda eden çykyşynda aýtdy.

Dmitriý Şlapaçenko Türkmenistanyň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň sebit merkezini döretmek ýa-da Zyňyndylaryň nol derejesi boýunça ählumumy strategiýanyň işlenilip taýýarlanylmagy ýaly başlangyçlaryň möhüm ähmiýetini belledi.

BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy özüniň işlän 25 ýylynyň dowamynda halkara gatnaşyklaryň häzirkisi ýaly dartgynly ýagdaýyny we halkara hyzmatdaşlyga bolan şeýle zerurlygy görmändigini aýtdy.

“Ýeňil bolmadyk şu ýagdaýda Türkmenistanyň Bitaraplyga we halkara dialoga ygrarlylygy umyt beriji ýol görkeziji bolup çykyş edýär. Bu umyt türkmen diplomatlarynyň işlerinde aýdyň görünýär” diýip, Şlapaçenko belledi.