“Arkadag” futbol topary Russiýanyň toparyny ýeňdi
Türkmenistanyň çempiony, “Arkadag” futbol topary Russiýanyň Nižniý Nowgorod şäheriniň “Pari NN” toparyny 1:2 hasabynda ýeňdi. Bu barada Russiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berýär.
Duşuşykda ilkinji bolup hasaby rus futbol klubynyň hüjümçisi Nikoloz Kutateladze tarapyndan açyldy. Ol oýnuň 21-nji minudynda “Arkadag” toparynyň goragyny böwsüp geçip, hasaby öňe çykarmagy başardy. Muňa garamazdan, Türkmenistanyň çempion topary birnäçe minutdan soň hasaby deňlemegi başardylar. Didar Durdyýewiň üstünlikli geçiren 11 metrlik urgusyndan soň, milli toparymyz öňe saýlanyp, garşydaşyny ýeňdi.
Ýoldaşlyk duşuşygy Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabide geçirildi.