TDHÇB-de söwdalar: daşarky bazarda ýeňil senagat önümleri uly islegden peýdalanýar

Şenbe güni, 17-nji fewralda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda daşarky bazarda ýurdumyzda öndürilýän ýeňil senagat önümleri uly islegden peýdalandy.

Gyrgyzystandan telekeçiler nah ýüplügini satyn almak boýunça türkmen kompaniýasy bilen geleşik baglaşdylar.

Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy ABŞ-nyň 136 606,74 dollaryna deň bolan 1 geleşik baglaşyldy. Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy.

Geleşikleriň jemi bahasy daşarky bazarda ABŞ-nyň 44 million 563 müň dollaryndan gowrak, içerki bazarda bolsa 220 million 162 müň manatdan gowrak boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň kotirowkalary bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.