Täjigistanyň Ilçisi Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna ýokary baha berdi

Türkmenistanyň diplotik işgärleriniň gününde Täjigistanyň Türkmenistandaky ilçisi Wafo Niýatbekzodan şahsy diplomatiki garaýşy bilen paýlaşdy. Ol Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik syýasatyna ýokary baha berdi we munuň ýurduň halkara abraýyna oňyn täsirini ýetirýändigini nygtady.   

Niýatbekzoda milli bähbitleri goramakda diplomadyň ýerine ýetirýän wezipesine aýratyn ünsi çekip, munuň yzygiderli tagallalaryň we syýasy-diplomatik gurallaryň ulanylmagyny talap edýändigini tassyklady. Ol Täjigistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky täsirli syýasy esaslara aýratyn ünsi çekip, munuň hyzmatdaşlygyň ösmeginde möhüm binýat hökmünde çykyş edýändigini belläp geçdi.

Çykyşynyň ahyrynda Niýatbekzoda täze özara peýdaly taslamalary durmuşa geçirmek we täjik-türkmen gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny nugtady. Mundan başga-da, türkmen diplomatlarynyň hünär baýramy mynasybetli guralan dostluk bäsleşiklerine — sport ýaryşlaryna gatnaşandygyny aýtdy.