“Xiaomi” smartfon öndürýän “akylly” kärhanany işe girizdi
Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasy öz-özi smartfonlary öndürmäge ukyply täze öňdebaryjy kärhanany işe girizdi. Bu barada Leýa Szunýanyň wezipesine geçen kompaniýanyň täze ýolbaşçysy Lýu Weýbing mälim etdi.
Kärhana iň täze flagman “Xiaomi 14 Ultra” smartfonlaryny öndürer
Pekiniň etegindäki Çanpin diýen ýerde ýerleşýän bu kärhana ýylda 10 million smartfon öndürip biler.
Zawod doly awtomatlaşdyrylan sanly önümçilik düzümleriň ikinji nesli bilen enjamlaşdyrylandyr. Kärhanada ornaşdyrylan ulgam önümçilik wagtynda işleri seljermäge we özbaşdak çözmäge ukyplydyr. Jemläp aýdanyňda, bu öz işini özi dolandyrýan “akylly” önümçilik kärhanadyr.
“Xiaomi” kompaniýasynyň Çanpindäki “akylly” zawody Hytaýyň paýtagtynyň Içžuan diýen ýerindäki şäher etegindäki kärhanadan möçber taýdan uludyr.