Aşgabatda “Türkmentel-2022” sergisi açyldy

Aşgabatda, Söwda-senagat edarasynyň binasynda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2022» atly halkara forum başlandy.

Forumyň resmi açylyş dabarasynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmentel — 2022» atly XV halkara sergisine hem-de ylmy maslahatyna gatnaşyjylara iberen gutlagyny okady.

Açylyş dabarasyna ýurduň ýolbaşçylar topary, diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, KHBS-niň wekilleri gatnaşyp, SSE-niň sergi merkezinde ýaýbaňlandyrylan pudaklaýynsergi bilen tanyşdylar. Türkmen we daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagyndaky sergi maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalar ulgamynda gazanylan üstünlikleri görkezýär.

Günüň ikinji ýarymynda maslahat başlanar, ol Türkmenistandan gatnaşyjylary hem-de 18 ýurda wekilçilik edýän 30 sany kompaniýalaryň we guramalaryň wekillerini utgaşykly görnüşde bir ýere jemlär.