Gazagystan Respublikasy tölegli ýollardaky herekediň nyrhyny ýokarlandyrar
Senatyň çäginde eden çykyşynda ulag ministri Marat Karabaýewiň Gazagystanda tölegli ýollaryň nyrhlary hakynda belläp geçendigini «inbusiness.kz» habar berýär.
«Biz nyrhy ýokarlandyrmagy meýilleşdirýäris. Munuň sebäbini düşündirmek isleýärin. Çünki 2013-nji ýyldan bäri dowam edip gelen nyrh syýasaty 11 ýyllap üýtgemedi, geçen ýyl bolsa 20% ýokarlandy. Ikinjiden, nyrhlarymyzy beýleki ýurtlar bilen deňeşdiriň. Bu nyrh Gazagystanda 1 teňňe 20 tiyn bolsa, Russiýada teňňe birligine geçireniňde 7 teňňe barabar çykýar. Ýollaryň gowy bolmagy üçin oňa tehniki hyzmat gerek we siz bejeriş işleriniň salgyt töleýjileriň hasabyna bolmagyny islemeýärsiňiz. «KazAwtoŽol» milli operatorynyň bolsa býudjetiň hasabyna bolmagyny isleýärsiňiz. Munuň üçin bolsa ýeke-täk çykalga — tölegli ýollaryň nyrhlaryny ýokarlandyrmak» — diýip, ministr belledi.
Bu ýerde ministre şol ýollarda hereket etmegiň nyrhlarynyň näçeräk ýokarlanyp bilinjekdigi hakyndaky sowal bilen ýüzlendiler.
«Men ýene-de aýdýaryn. Käbir adamlar iki ýa-da üç esse ýokarlandyrmagy teklip etdiler. Men beýle zadyň bolup bilmejekdigini aýtdym. Bu ýerde belli bir göterim kesgitlener. Hünärmenlerimiz ýollary abatlamak, goşmaça 1100 birlik enjam satyn almak üçin näçe mukdardaky serişdäniň gerek boljakdygyna esaslanyp, täze nyrhy bellärler. Elbetde, bu tehnikalaryň hemmesini birbada töläp bilmeris, biz ýuwaş-ýuwaşdan haýsydyr bir gaznanyň köpeljekdigini we olaryň çykdajylarymyzyň haýsy bölegini ýapjakdygyny göreris hem-de şonuň esasynda täze nyrhy çap ederis» — diýip, Karabaýew belledi.