Agajy gaýtadan işlemekde gazanylan üstünlikler awiaýangyjyň bahasyny ep-esli arzanladyp biler
Ösümlikleri gaýtadan işlemekden alynýan bioýangyjyň önümçiligini artdyrmaga ýardam etjek lignin materialyny gaýtadan işlemek tehnologiýasy Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlar topary tarapyndan döredildi.
Lignin galyndylara bölünýär we gaýtadan işlemesi kyn serişde hasaplanýar. Şonuň üçin-de ony diňe ýakanlaryny gowy görýärler.
Lignini gaýtadan işlemek üçin organiki himiki tetragidrofuran suwuk kislotalar bilen bilelikde ulanylýar. Häzirki wagtda adaty mekgejöweniň ösümlik galyndysynyň ýerine agaç ýaly ýokary lignin düzümli materiallary ulanmak üçin önümçiligi uýgunlaşdyrmak zerurlyk hasaplanylýar.
Şeýlelikde, ösümlik samanyň her tonnasyndan 167 litr benzin alyp bolar. Lignin bölünişigi goşulanda bu görkeziji 196 litre çenli ýokarlanýar. Şeýle usulda derek agajyndan 287 litr ýangyç alyp bolýar.
Bu usul awiasiýa ýangyjynyň bir gallonynyň (3,79 – 4,55 liter) bahasyny 3,15 dollara çenli azaltmaga mümkinçilik berer. Uçar ýangyjynyň bir gallonynyň häzirki ortaça bahasy 9,28 dollardyr. Awiaýangyjyň bahasy köp babatda berilýän ýeňilliklere, rugsatnamalara we beýleki önümçilik şertlerine baglydyr.