Türkmenistanda Meksikanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hose Luis Martines Ernandesden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa iki ýurduň we halkyň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça möhüm işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, öz gezeginde, ýurdunyň ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny hem-de türkmen halkyna abadançylyk, gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň barşynda diplomat dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda uly mümkinçiliklere eýe bolan Latyn Amerikasy ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmegi maksat edinýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ileri tutýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Dünýäniň halk hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna Watanymyzyň üstünlikli goşulyşmagyna gönükdirilen toplumlaýyn ösüş maksatnamalarynyň, iri möçberli taslamalaryň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady özgertmeler barada ilçä giňişleýin gürrüň berildi.

Şeýle hem diplomat milli parlamentiň düzümi we kanun çykaryjylyk işi bilen tanyşdyryldy.

Jenap Hose Luis Martines Ernandes Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha artýandygyny, durmuş-ykdysady, medeni ösüşde uly üstünlikleri gazanýandygyny belledi. Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşmalar boldy.

Duşuşygyň ahyrynda Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hose Luis Martines Ernandes özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

 

Gadyrly dostum!

Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, jenap Hose Luis Martines Ernandesi Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim. Jenap Hose Luis Martines Ernandesiň ýokary şahsy häsiýetleri özüne ynanylan möhüm wezipäni üstünlikli ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, onuň Size meniň adymdan ähli beýan etjeklerine, hususan-da, Size abadançylyk, türkmen halkyna bolsa gülläp ösüş baradaky tüýs ýürekden arzuwlarymy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy Sizden haýyş edýärin.

 

Andres Manuel Lopes Obrador,
Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti