Türkmenistanda Dördünji raýat forumy geçirildi
Türkmenistanda Dördünji raýat forumy geçirildi. Çäräni Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentligi (USAID) gurady. Oňa Mejlisiň, ministrlikleriň birnäçesiniň, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Oňa gatnaşanlar sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini, şeýle hem 2019 – 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda Sanly ykdysadyýeti ösdürmek konsepsiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Hususan-da, raýat pudagynda sanly özara gatnaşyklaryň strategiýalary, durmuş üpjünçiligini, saglygy goraýyşy we bilimi ösdürmekde sanly tehnologiýalaryň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Foruma gatnaşanlar, şeýle hem sanlylaşdyrmak şertlerinde pudagara hyzmatdaşlyk, jemgyýetçilik işjeňligi ulgamynda sanlylaşdyrmak meselelerine garadylar.