Gazagystanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeni-döredijilik çäresi ýaýbaňlandyrylar
Gazagystan Respublikasynyň paýtagtynda Gündogaryň beýik şahyry, akyldar hem filosof Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçiriljek medeni-döredijilik çärelerini geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasy habar berýär.
Türkmenistanyň ilçisi B.Rejepowyň Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet we sport ministrliginiň Arhiw we resminamalary dolandyrmak komitetiniň «Golýazmalar we seýrek kitaplar milli merkeziniň» direktory Žandos Bekdildaýewiç Boldykow bilen geçiren duşuşygynda taraplar iki ýurduň ýöriteleşdirilen gurluşlarynyň gözleg işlerini alyp barmak we dürli gadymy golýazmalary öwrenmek üçin aragatnaşyk saklamak boýunça döredilýän giň mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşler bilelikdäki çäreleri guramak meselelerine hem jikme-jik seretdiler.
Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ýolbaşçysy türkmen şahyrynyň edebi we filosofiki mirasyny öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak maksady bilen, Türkmenistanda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilendigini gazak tarapyna ýetirdi. Ilçi türkmen we gazak gündogarşynas alymlarynyň gatnaşmagynda Gündogaryň görnükli şahyr-filosofy, türkmen edebiýatynyň nusgawy wekili Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeni-döredijilik çäresini geçirmegi teklip etdi.
Merkeziň başlygy «Milli golýazmalar we seýrek kitaplar merkeziniň» bu çäräni guramaçylygyny bilelikde alyp barmaga taýýardygyny aýtdy. Duşuşygyň ahyrynda taraplar ylmy gözleglerdir derňewler boýunça türkmen-gazak hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini tassykladylar.