Rus teleýaýlymy türkmen aýdymçysy bilen gepleşik taýýarlady
Ylýas Paşa ady bilen hem tanalýan türkmen aýdymçy-sazandasy Ylýas Rejepow “Rossiýa 1” teleýaýlymynda ýaýlyma goýberilýän “Ýürekden aýdylan aýdymlar” (“Песни от всей души”) gepleşiginde çykyş etdi. Andreý Malahow gepleşigiň ýekşenbe günündäki sanyna türkmen sungat ussadyny çagyrdy we onuň ömri, döredijiligi, şahsy hem-de sungat durmuşy, ömründe gabat gelen zehinli adamlary barada gyzykly gürrüňleri etdiler, şeýle hem aýdymlary aýtdylar.
Ylýas Rejepow Moskwa öz aýdymlary bilen-de geldi. Onuň Waleriýa Ýasenkonyň “Ýyllar, sizi nähili saklap bolar” (“Годы, как вас задержать”) atly goşgusyna döreden aýdymy bu ýerdäki we teleýaýlymdaky tomaşaçylarda aýatyn täsirleri galdyrdy.
Alyp baryjy bir wagtlar Ylýasyň meşhur "Güneş" toparynyň baş aýdymçysy hökmünde Sowet Soýuzynyň hemme ýerine aýlanandygyny, şol ýyllaryň suratlaryny we ýazgylaryny, şol sanda "Jemile" atly belli aýdymy çykarandygyny ýatlady.
Ylýas Rejepow toparyň bu aýdym bilen şol döwürlerde giňden tomaşa edilýän “Irdenki poçta” (“Утренняя почта”) gepleşiginde 1989-njy ýylda çykyş edendiklerini belledi.
Aýdym bilen birlikde türkmen aýdymçysy şoumen Malahowa türkmen el halysyny hem getiripdir. Gepleşikde “Dünýäniň iň gözel şäheri” ady bilen Aşgabadyň durmuşyny beýan edýän wideoşekiller görkezildi. Türkmen aýdymçysynyň agtyklary bilen ýerine ýetiren “Bella çao” italýan aýdymyndan soň, “Meniň salgym öý we ýa köçe salgysy däl, ol Sowet Soýuzy...” (“Мой адрес не дом и не улица, мой адрес Советский союз…”) atly aýdym tomaşaçylaryň şowhunyna eýe boldy.
Türkmen aýdymçysy bilen geçirilen gepleşige “Smotrim” atly platformada we onuň goşundysynda islendik wagt tomaşa edip bilersiňiz.