Meýilnama boýunça: Türkmenistan üstaşyr geçirmek üçin demir ýol arkaly yzygiderli konteýner ýük gatnawlaryny ýola goýdy
Milli demir ýol daşaýjysy bolan “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti esasy üstaşyr geçelgeleri boýunça demir ýol gatnawlaryny işe girizmek bilen meýilnama esasynda halkara ýük daşamalaryny amala aşyrýandygyny mälim edýär. Meýilnama boýunça öz wagtynda takyk hereket edýän yzygiderli demir ýol ýük düzümi logistika işini sazlaşykly ösdürmäge hem-de Demirgazyk – Günorta we Gündogar – Günbatar ugurlary boýunça ýük daşamagyň wagtyny azaltmaga ýardam eder.
Bu taslamany işe girizmek hereket ugurlarynyň ählisinde bar bolan demir ýol lokomotiw parkynyň döwrebaplaşdyrylmagynyň netijesinde mümkin boldy. Giň gerimli döwrebaplaşdyryş we demir ýoluň hereket düzümlerini täzelemek boýunça alnyp barlan işlerden soň, ýokary kuwwatlyklara eýe bolan häzirki zaman ýük magistral teplowozlary ulanmaga berildi.
Öňünden çaklanylyşy ýaly, täze ugur geljekde awtomobil ulagy ýaly alternatiw ýollar arkaly daşalýan ýükleriň 90 göterimine çenlisini özüne çeker. Bilermenler yzygiderli demir ýol ýük gatnawlarynyň birnäçe esasy bähbitli taraplaryny belleýärler:
– Öňünden bellenen wagt tizligi – ýükler 2-4 günüň dowamynda barmaly ýerine eltilýär;
– Meýilnama we bellenen wagta berk eýerýär;
– Ýükleri daşamagyň şu görnüşini ulanmak nyrh taýdan amatlydyr;
– Demir ýol ulagynyň ekologiýa taýdan arassalygy.
Bu taslamany durmuşa geçirmek bilen “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Eýran-Türkmenistan-Özbegistan hem-de Azerbaýjan-Hazar deňzi-Türkmenistan-Özbegistan geçelgeleri arkaly goňşy ýurtlardan başlap, Türkiýä, Gyrgyzystana we Täjigistana, şeýle hem Russiýadan Pars aýlagy ýurtlaryna we Hindistana çenli hyzmat ediş çäklerini giňeltmegi maksat edinýär.
Şeýle gatnawlaryň esasy aýratynlygy onuň meýilnama boýunça öz wagtynda ýerine ýetirilýänligidir. Bu taslama esasynda türkmen demir ýol daşaýjy operatorynyň Günbatar bilen Gündogaryň arasynda üstaşyr ýük daşamalarynda uzak ýyllaryň dowamynda öňdebaryjy bolmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Üstaşyr geçiriji ýurtlaryň ählisinde işleriň sazlaşykly ýola goýulmagy esasynda hyzmatdaşlar taraplar hem, olaryň dünýädäki ähli müşderileri hem bähbitleri gazanýarlar.
Giňişleýin maglumat şu salgyda.