Türkmenistanyň mermer daşlaryny öndürýän iri kärhanasy önümçiligi artdyrdy
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çägindäki mermer we granit daşlary işlenilýän «Türkmenmermer» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň zawody şu ýylyň ilkinji aýynda önümçilik meýilnamasyny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Geçen aýda kärhana 2,5 müň inedördül metre barabar mermer daşlaryny timarlap gaýtadan işledi. Ýerine ýetirilen işiň pul hasabyndaky möçberi 652 müň manada golaýdyr. Munuň özi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 263,8 göterim ösüş depgininiň üpjün edilendigini aňladýar.
Önümçilikde gazanylan ýokary ösüş kärhanada öndürilýän mermer we granit daşlaryna bolan islegiň artmagy bilen baglanyşyklydyr.