“Amyderýa” döwlet tebigy goraghanasynyň nahalhanasynda 14 müň düýp sazak ösdürilip ýetişdiriler
Ýaz paslynyň ilkinji aýynda “Amyderýa” döwlet tebigy goraghanasynyň nahalhanasynda 14 müň düýp sazak nahaly ekiler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Şu ýyl döredilenine 42 ýyl dolýan goraghana Garagumuň we Gyzylgumuň ekoulgamlaryny öz içine alýar. Täze nahallary ösdürip ýetişdirmek bu ýerde her 3-4 ýylda bir gezek ýerine ýetirilýär. Täze nahallary ekmek bilen birlikde goraghananyň hünärmenleri ozal bar bolanlara hem ideg ederler.
“Amyderýa” döwlet tebigy goraghanasynyň tutýan meýdany 49,5 gektara barabardyr. Bu ýerde mör-möjekleriň 440, ulitka molýuskalaryň 12, hironomidleriň hem 35 görnüşi duş gelýär. Mundan başga-da, bu ýerde suwda ýaşaýan jandarlaryň 43 görnüşi duş gelýär.