«Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara gatnawlary üçin arzanladyşlaryny yglan edýär
«Türkmenistan» awiakompaniýasy syýahatçylaryň ählisine ýörite teklibi bilen ýüzlenýändigini habar berýär. 2024-nji ýylyň 1-nji fewraly — 31-nji marty aralygynda awiakompaniýanyň ýolagçylary görkezilen ugurlara awiapetekleri satyn almak üçin bellenen arzanladyşlardan peýdalanyp bilerler:
Aşgabat – Hoşimin – Aşgabat — 7 294 ТМТ
Aşgabat – Milan – Aşgabat — 7 300 ТМТ
Aşgabat – London – Aşgabat — 7 847 ТМТ
Aşgabat – Frankfurt – Aşgabat — 7 540,9 ТМТ
Awiakompaniýa tarapyndan hödürlenen ajaýyp teklip amatly bahadan dünýä syýahat etmegiňiz üçin ajaýyp mümkinçilikleri açýar. Awiakompaniýa siziň halkara saparlaryňyzyň hem-de syýahatlaryňyzyň has-da elýetelerli we amatly bolmagy üçin yhlasyny gaýgyrmaýar.
Ýolagçylar bu mümkinçilikden peýdalanmak üçin web-saýt arkaly petekleri belläp (bron edip) ýa-da awiakompaniýanyň ofislerine ýüz tutup bilerler.