«BYD»: Şu ýyl Hytaýda täze awtoulaglaryň 50 %-den gowragy elektrikleşdiriler, geçen ýyl bu görkeziji 35 % bolupdy
«BYD» kompaniýasynyň başlygy we prezidenti Wan Çuanfu geçen ýyl gazanan üstünlikleri barada aýdyp, täze elektrik ulaglarynyň satuwynyň 3.02 million birlikden geçendigini, şonuň netijesinde hem, kompaniýanyň bu ugurda bütin dünýäde birinji orny eýeleýändigini aýtdy.
Wang Çuanfu awtoulag senagatynyň üstünlikleriniň tiz özgeriş zolagyna girendigine ynanýar: «Täze elektrik ulaglary has çalt hem tiz ösüşleri başdan geçirer we bize durmaga, haýallamaga ýa-da dem almaga mümkinçilik bermez».
Ol Hytaýda täze elektrik ulaglarynyň 2020-nji ýyldan bäri iki esse artmagynyň, geçen ýylyň bütin dowamynda bu görkezijiniň 35 %-e ýetip, ýylyň ahyrynda bir aýyň içinde 40 %-den geçmeginiň awtoulag pudagyny elektrikleşdirmegiň has-da çuňlaşýandygyny aýan edýändigini nygtady. Şu ýyl bu görkezijiniň her aýda 50 % den geçmegine garaşylýar.
Hytaý brendleriniň içerki bazardaky paýy 2020-nji ýyldaky 38 % görkezijisinden geçen ýylyň 56 % netijesine çenli ýokarlanmagy dowam etdi. Munuň özi täze energiýa çeşmelerine esaslanýan ulag serişdeleriniň pudagynda ýokary derejedäki habarlylygy döredýär.
Bu ulaglaryň eksporty hem ösýär. Öňümizdäki iki ýylyň dowamynda «BYD» kompaniýasynyň ulaglaryny dünýäniň köp sanly ýurtlaryna we sebitlerine ýetirmek üçin ulag daşaýjy gämileriň 7-sini ulanyşa goýberer.
Mundan başga-da, «BYD» kompaniýasynyň kaşaň awtoulaglaryň bazarynda hem öňdebaryjy orny eýelejekdigi habar berildi.