Aşgabatda «Frankofoniýa — 2024» bäsleşigi yglan edildi
Aşgabatdaky Fransuz instituty tarapyndan 2024-nji ýylyň Frankofoniýa ýaryşlary yglan edildi. Frankofoniýa ýaryşlarynyň tanyşdyrylyşy 26-njy fewralda Fransuz institutynyň kino zalynda bolar.
Türkmenistandaky Fransuz instituty tarapyndan guralýan bäsleşik her ýyl Halkara frankofoniýa gününe gabatlanyp geçirilýär. Onuň esasy maksady fransuz dilini wagyz etmek, köp dilliligi we medeni dürlüligi, şeýle hem ýaşlaryň döredijilik ösüşini goldamakdan ybaratdyr.
Bäsleşigiň çäginde gatnaşyjylar surat çekmek, ýazmak, aýdym aýtmak we şuňa meňzeş ugurlar boýunça özara ýaryşýarlar. Oňa Türkmenistandan fransuz dilini bilýän ýaşlar, Türkmenistandaky Fransuz institutynyň agzalary we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde fransuz dilini öwrenýän talyplar gatnaşyp bilerler.
Bäsleşigiň tanyşdyryş çykyşlary 18:30-da başlar.
Has giňişleýin maglumaty Aşgabatdaky Fransuz institutyndan alyp bilersiňiz:
36 - 83 - 70;
36 - 71 - 72;
Elektron poçta salgysy: ift.culture@gmail.com