BAM-da täze Dusse-Alinskiý tuneli nähili guruldy?
Habarowsk sebitinde täze Dusse-Alinskiý demir ýol tuneliniň gündogar we günbatar bölekleri birleşdirildi. Öňküsi 40 ýyldan gowrak wagt bäri ulanylyp we köpden bäri täzeden gurulmaga mätäç bolup durýardy. Indi BAM-yň kuwwaty ep-esli ýokarlanar we islendik ululykdaky ýükleri daşamaga mümkinçilik berer diýip “МИР 24”-iň habarçysy Andreý Ýeganow habar berýär.
Täze tuneliň uzynlygy takmynan iki müň kilometre barabardyr. Onuň üsti bilen otlylar Uzak Gündogar portlaryna aňsat we has çalt baryp bilerler. Indi ýük dolanyşygynyň üç esse köpelmegine garaşylýar.
Bu ýyl BAM-nyň ýarym asyrlyk ýubileýi bolup, ony döwrebaplaşdyrmak soňky ýyllaryň esasy meseleleriniň biridir. Täze tuneliň gurluşygy üçin maýa goýum maksatnamasy 9 milliard 600 million Russiýanyň rublny talap etdi. Ilkinji Dusse-Alinskiý tuneliniň 1939-njy ýylda gurlup başlandygy we 40 ýyldan gowrak wagt soň ulanylmaga berlendigini bellemek gerek.