Türkmen talyplary Kazanda geçirilýän “Geljegiň oýunlaryna” gatnaşýarlar

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 14 talybyndan we 1 mugallymyndan ybarat Türkmenistanyň topary şu gün badalga alýan “Geljegiň oýunlary” atly sport çärelerine gatnaşmak üçin Kazan şäherine geldiler. Türkmen wekilleri fijital-futbol we fijital-baketbol boýunça geçiriljek duşuşyklara gatnaşarlar.

Jemi 100 ýurtdan 270 topar sport, taktika, strategiýa, tehnologiýa we tizlik ýaly bäş kategoriýa boýunça bölünen 21 ugurda medallar ugrunda bäsleşerler. Oýunlar 3-nji marta çenli dowam eder.

Bäsleşigiň açylyş dabarasy Kazan şäheriniň “Kazan Ekspo” sergiler toplumynda onuň oýunlarynyň hem 9 ýerde geçirilmegine garaşylýar. “Geljegiň oýunlarynyň” ýapylyş dabarasynda oýunlaryň indiki geçiriljek ýurdy mälim ediler. Oňa esasy dalaşgär bolsa, häzirki wagtda Hytaý döwleti bolup durýar.