GDA-nyň we Türkmenistanyň bilim ulgamynda geçen ýyldaky hyzmatdaşlygynyň jemi jemlendi
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň syýasy, ynsanperwer we durmuş ulgamlarynda hyzmatdaşlyk departamenti “GDA gatnaşyjy döwletleriň binýatlaýyn düzümleriniň 2023-nji ýylda bilim ulgamyndaky işleriniň netijeleri hakynda” maglumat gollanmasyny taýýarlady. Onda GDA ýurtlary, şol sanda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlykda ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlenilýär.
Şeýlelikde, geçen ýylyň 23-nji noýabrynda Täjigistanyň Milli uniwersitetiniň mehanika we matematika fakultetinde geçirilen matematika boýunça halkara olimpiadasyna türkmen talyplary gatnaşdy.
Şeýle hem, türkmen ýaşlary Puşkin instituty tarapyndan GDA döwletleriniň bilim edaralarynyň taýýarlyk bölümleriniň we fakultetleriniň diňleýjileriniň arasynda her ýyl geçirilýän halkara olimpiada gatnaşdylar. Häzirki wagtda birnäçe türkmen talyplary “Rus dilinde bilim” atly maksatnama boýunça Puşkin institutynda bilim alýarlar.
Türkmen wekilleri GDA-nyň hemaýatkärlik etmeginde geçirilen 18 çärä, şol sanda “Dolandyryş ulgamlarynda şahsyýet” atly IV halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşdylar.
Türkmenistanyň kitap söýüjileri GDA-nyň beýleki ýurtlary bilen bir hatarda, “Halanylýan şahyryň goşgulary – tutuş dünýä iki hepde syýahat” atly şygyr marafonynyň bir bölegi hökmünde şahyrana fleşmobyna gatnaşdylar.
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilim we ylmy taslamalary öňe sürmek, Belarus biliminiň eksport mümkinçiliklerini ösdürmek, tejribe alyşmak we bilim standartlaryny sazlaşdyrmak işine işjeň gatnaşdy. Ylmy we tehnologiki ösüşiň, bäsdeşlige ukyply ylmy-tehniki önümleriň döredilmegi we täjirleşdirilmegi üçin ileri tutulýan ugurlar boýunça işgärleri taýýarlamagyň hem geljegi uludyr.