Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň belleniljek gününe çenli galan wagt hasaplanyp başlandy

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli açylan internet neşirinde beýik şahyryň ýubileý ýylynyň bellenjek gününe çenli wagt sanalyp başlandy. Mälim bolşy ýaly, her ýylyň 27-nji iýunynda Türkmenistanda Medeniýet we sungat işgärleriniň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bellenip geçilýär.

Internet neşirinde şeýle hem şahyryň ömri we döredijiligi barada maglumatlar, ylmy makalalar, “Türkmenfilm” birleşiginiň taýýarlan wideogörnüşli önümleri ýerleşdirilipdir.

Media ulgamynda belli senäniň geçiriljek senesini yzlygyna sanamak düzgüni adatça şanly senä galan 125-nji günden hasaplanyp başlanýar. Aşgabatda 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalara we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary 500 gün öňünden sanalyp başlanypdy.