“Samsung” kompaniýasy “Galaxy S24” smartfonlary üçin ekologiýa taýdan arassa daşlary çykardy

Koreýa Respublikasynyň “Samsung” kompaniýalar topary flagman görnüşli “Galaxy S24” modelli smartfonlary üçin ekologiýa taýdan arassa aksessuarlaryny tanyşdyrdy.

Täze toplum “Galaxy S24”, “Galaxy S24+” we “Galaxy S24 Ultra” smartfonlary üçin niýetlenen 57 görnüşli smartfon daşlyklaryny öz içine alýar.

Aksessuarlaryň bezeginde meşhur aýdym-saz toparlarynyň, kinofranşizmiň we moda brendleriniň şekilleri ulanylypdyr. Mysal hökmünde bellesek, ekologiýa taýdan arassa käbir smartfon daşlyklarynda “Rolling Stones”, “Stray Kids”, “Queen” toparlaryna degişli şekiller, “Hello Kitty” nyşanlary we beýlekiler şöhlelendirilipdir.

Kompaniýanyň wekilleri smartfon daşlyklarynyň düzüminiň 40 göterimi gaýtadan işlenilýän plastik düzýär.

Häzirki wagtda täze önümler dünýäniň 40 ýurdunyň “Galaxy S24” görnüşli smartfon ulanyjylaryna hödürlenilýär.