“Türkmentel-2022” – hemme bahalardan ýokary epitetler
Telearagatnaşyk, we maglumat tehnologiýalary boýunça “Türkmentel — 2022” atly halkara maslahaty öz işini tamamlady. Ýöne, oňa gatnaşanlaryň aýdyşy ýaly, olar myhmansöýer türkmen topragynda kärdeşleri bilen bolan duşuşyklary uzak wagtlap ýatlarlar.
Russiýa Federasiýasynyň abraýly ylym-bilim merkezleriniň biri bolan A.N.Tupolew adyndaky milli ylmy-barlag tehniki uniwersitetinin wekilleri hem halkara foruma gatnaşyjylaryň hatarynda boldy.
Ady rowaýata öwrülen bu ýokary okuw mekdebini KAI diyip atlandyrýarlar, şu ýyl ol 90 ýyllygny belledi. Onuň taryhy sowet raketagurluşygyny esaslandyryjy Sergeý Korolýow, “Energiýa-Buran” kosmos ulgamynyň baş konstruktory Boris Gubanow ýaly ajaýyp adamlaryň we beýlekilerin atlary bilen baglanyşyklydyr.
“Türkmentel — 2022” halkara formunda Kazan awiasiýa institutyna ylymlaryň kandidaty Kadriýa Sibgatowa wekilçilik etdi. Ol ORIENT bilen özünde galan täsirleri bilen paýlaşdy.
– Meniň adym Sibgatowa Kadriýa Ildaşewna. Men Kazan şäherinden geldim. Men A.N.Topolew ad.Kazan milli ylmy-barlag tehniki uniwersitetine wekilçilik edýärin. Biz bu maslahata maglumat tehnologiýalary maksatanamalary boýunça biziň uniwersitetimiziň, respublikanyň we Türkmenistanyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin geldik. Sebäbi, biziň uniwersitetimiz dürli ugurlar, şol sanda “Türkmentel-2022” sergisiniň we maslahatynyň bagyşlanan ugry boýunça hem işgärleri taýýarlaýar.
Sergi we maslahat iň ýokary derejede guralypdyr. Forumyň guralyş derejesi türkmen hünärmenleriniň ussatlygynyň ýokary derejededigine şaýatlyk edýär. Şoňa görä-de, biz işgärleri taýýarlamak meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk etmäge taýýar.
Tatarystanda türkmen talyplarynyň 10 müňden gowragy okaýar. Olar Kazan federal uniwersitetinde, Kazan tehnologik uniwersitetinde hem-de biziň Kazan milli ylmy-barlag tehniki uniwersitetimizde dürli-dürli ugurlar boýunça bilim alýarlar.
Şu ýyl biz türkmen kärdeşlerimize gapylarymyzy giňden açdyk – ýaş türkmenistanlylaryň ilkinji 128-si uniwersitetimize geldiler. Şolaryň 31-si okuwyň býujet görnüşinde okaýar. Ýaşlar biziň respublikamyzda bolşy ýaly, Türkmenistanda hem isleg bildirilýän örän möhüm hünärleri saýlap aldylar. Olara örän ýaraýar, biz olary gowy kabul etdik, şoňa görä-de, bu hyzmatdaşlyk we elbetde, ylmyň dürli ugurlarynda hyzmatdaşlyk dowam etdiriler diýip pikir edýärin. Türkmenistan Tatarystandan gämileri, dikuçarlary, kamazlary satyn alýar, şu ugurlar boýunça hünärmenleri hem hut biziň uniwersitetimiz taýýarlaýar.
Men geljegimiz örän guwandyryjydyr diýip pikir edýärin, sebäbi, mümkiçilikler örän uly hem-de Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň bilimi, ylmy, senagaty ösdürmäge berýän ünsi ýokary derejededir – men bu Türkmenistanyň hem-de onuň halkynyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine ýardam eder diýip pikir edýärin.
Men şeýle hyzmatdaşlygyň diňe bir Türkmenistan üçin däl, eýsem Tatarystan üçin hem peýdalydyr diýip pikir edýärin, sebäbi, hyzmatdaşlyk hemişe özara bähbitli bolýar. Şoňa görä-de, men eger hyzmatdaşlyk şeýle dowam etdirilse, onda bu Türkmenistanyň hem-de türkmen halkynyň diňe gülläp ösmegine ýardam eder diýip pikir edýärin.
Türkmen halkynyň bildirýän göwnaçyklygy berip boljak ähli bahalardan ýokarydyr – epitetler diňe iň ajaýyplarydyr.