2024-nji ýylda «Merkezi Aziýa» senagat hyzmatdaşlygynyň halkara merkeziniň gurluşygy başlanar
Şu ýyl «Merkezi Aziýa» senagat hyzmatdaşlygynyň halkara merkeziniň gurluşygyna badalga berler. Bu barada Gazagystanyň Söwda ministrligi habar berýär.
Merkez Özbegistan tarapyndan «Gülistan» we Gazagystan tarapyndan «Atameken» halkara barlag-geçiriş nokatlarynyň çägindäki serhetýaka zolagynda ýerleşer.
Bäsleşik esasynda geçirilen saýlawlaryň netijesinde, «TCL gr.» jogapkärçiligi çäkli jemgyýet Gazagystandan maýadar hökmünde saýlandy. Maýadar Turkestan sebitiniň akimaty bilen bilelikde senagat hyzmatdaşlygynyň merkezini ösdürmek üçin konsepsiýany işläp düzdi. Maýa goýujy goldaw we mahabat maksatly çäreleri guramak bilen birlikde, merkeziň agzalary üçin hyzmatlaryň doly toplumyny üpjün etmeli bolar.
Gazagystanyň söwda we integrasiýa ministriniň orunbasary Kaýrat Torebaýewiň bellemegine görä, senagat hyzmatdaşlygynyň merkeziniň tehniki taýdan 2026-njy ýylyň 4-nji çärýeginde işe girizmek göz öňünde tutulýar, resmi açylyş dabarasy bolsa 2027-nji ýylyň birinji ýarymynda meýilleşdirilýär.
Senagat hyzmatdaşlygynyň halkara merkeziniň döredilmegi sebitiň ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine, öndürijiler bilen telekeçileriň arasyndaky işewür gatnaşyklaryň işjeňleşmegine ýardam berer.