Türkmenistan we Ýaponiýa parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrýar

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň Ýapon-Türkmen parlamentara dostluk toparynyň Baş sekretary, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Geňeşdarlar Palatasynyň agzasy Şimpeý Matsuşitanyň ýolbaşçylygyndaky bu ýurduň deputatlary bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar iki dostlukly ýurduň arasynda dürli ugurlarda ýola goýlan gatnaşyklarda parlamentara hyzmatdaşlygynyň möhüm ornuny bellediler. Şol bir wagtda Türkmen-Ýapon parlamentara dostluk toparynyň işi bu hyzmatdaşlygyň ösüşinde uly orun eýeleýär.
Taraplar ikitaraplaýyn esasda parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň kämilleşdirilmegi hem-de ugurdaş komitetleriň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, wekiliýetleriň birek-birege saparlarynyň guralmagy babatda pikir alyşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçylary we agzalary türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi bilen bagly Türkmenistanda geçirilýän çärelere gatnaşmaga çagyryldy diýlip, habarda bellenilýär.