Ýewropada ýükleriň daşalyşy: şertnamalaýyn nyrhlaryň ösüşi
«Transport Intelligence» we «Upply» kompaniýalarynyň seljerijileri tarapyndan taýýarlanan Ýewropa ýük ulag nyrhlarynyň ösüş görkezijisiniň soňky hasaplamalaryna görä, 2023-nji ýylyň dördünji çärýeginde Ýewropadaky nyrhlaryň göterim görkezijisi şertnamalaýyn derejeden peselmegini dowam etdirdi.
Dördünji çärýegiň ahyrynda Ýewropanyň şeýle nyrhlarynyň indeksi 123,8 bal boldy. 2023-nji ýylyň üçünji çärýegi bilen deňeşdirilende, indeks 4,5 basgançak pese düşdi.
Bu ýagdaý Ýewropada ulag hyzmatlaryna islegiň pes bolmagynyň netijesidir. «TI» tarapyndan berlen maglumatlara görä, 2023-nji ýylyň dördünji çärýeginde Beýik Britaniýada (0,9%), Germaniýada (1,6%) we Fransiýada (0,2%) senagat önümçiliginiň derejesi azaldy. Elbetde, ähmiýetsizdigine garamazdan, Polşada we Ispaniýada ösüş hasaba alyndy (degişlilikde 0,4% we 0.7%).
Öz nobatynda şertnama nyrhlarynyň görkezijisi eýýäm ikinji çärýekde yzygiderli ýokarlandy (çärýekden çärýege 1,7 ball artdy) we 129,4 ball gazandy. Munuň özi ilkinji nobatda Germaniýada ýol ýygymlarynyň köpelmegi bilen baglanyşyklydyr.