Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli Gazagystanda baýramçylyk çäresi geçirildi
Gazagystanyň Medeniýet we maglumat ministrliginiň Golýazmalar we seýrek neşirler merkezinde beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäresi we sergisi geçirildi. Oňa daşary ýurtlaryň Gazagystandaky diplomatik wekilhanalarynyň, döredijilik we ylmy intelligensiýanyň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Astana şäherindäki ilçihanasy habar berýär.
Bellenişi ýaly, çärä belli türkmen alymlary, şol sanda TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri Ýusup Lallakow hem-de gazagystanly alymlar gatnaşdylar. Çärede ilkinji bolup, Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň geňeşçisi Bauyržan Omarow çykyş etdi.
Gatnaşyjylar özleriniň çykyşlarynda eserlerinde türkmen halkynyň jebisligini, özbaşdaklygyny arzuw eden beýik söz ussadynyň 300 ýyllygynyň bellenilýän şu ýylynda degişli çäräniň geçirilmeginiň ähmiýetini bellediler. Ýygnananlar Magtymguly Pyragynyň döredijiligini gorap saklamak, ony dünýäde wagyz etmek boýunça Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan uly işleriň alnyp barylýandygyny bellediler. Şu ýylyň baş şygarynyň “Pahim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip atlandyrylmagy hem munuň aýdyň güwäsidir.
Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň ölmez-ýitmez döredijiligini öwrenmegiň aýratyn möhüm ähmiýete eýedigini bellediler.